Ýurt parahatçylygynyň, il abatlygynyň hatyrasyna uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen maksatnamalary, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleri, halkara derejede öňe sürýän başlangyçlary netijesinde, bu gün eziz Diýarymyzyň, mähriban halkymyzyň abraý-mertebesi, şan-şöhraty has-da ýokarlanýar. Ýurdumyz özbaşdaklyk ýoluna düşen ilkinji gününden başlap, halkymyzyň taryhy tejribesinde toplanan parahatçylyk söýüjilik, asudalyk, dostlukly gatnaşyklara eýerýän goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur almak bilen, döwlet syýasatynyň binýadyny goýdy. Netijede, Garaşsyz Türkmenistan içeri we daşary syýasatyny özbaşdak alyp barmak bilen, halk hojalyk pudagyny düýpli özgertmäge hem-de dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge başlady. Watanymyz bu günki gün hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda dünýäniň halkara syýasy giňişliginde özüniň ornuny barha pugtalandyrýar. Türkmen halkynyň öňe sürýän başlangyçlary dünýä döwletleri tarapyndan biragyzdan goldanylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ähli ugurlar babatda uly ösüşleri gazanýar. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da berkeýär, durmuş pudaklarynda halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, netijeli işler amala aşyrylýar, daşary syýasatda ýokary sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemekleri, köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmaklary we saýlap alan ugry boýunça kämilleşmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap bilimlerden habarly ýaş hünärmenler ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň, ykdysady kuwwatynyň artmagynda möhüm wezipeleri ýerine ýetirýärler. Türkmen ýaşlary ýurduň syýasy durmuşyna hem işjeň gatnaşýarlar. Munuň şeýle bolmagy her bir ýaş türkmenistanlyny diýseň buýsandyrýar.

Goý, halkymyzy baky bagta ýetiren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!

Serdar JALLAÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň talyby.