Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen sporty hemişelik hemra edinmek we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek ýurdumyzda köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Bu asylly ýörelgä laýyklykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet derejesinde alnyp barylýan işler uly rowaçlyklara beslenýär.
Sport bilen meşgullanmagyň diňe bir saglygymyzy berkitmekde uly ähmiýete eýe bolman, eýsem, ynsanyň zähmet we döredijilik işjeňligini hem ýokarlandyrýandygyna göz ýetiren ildeşlerimiz eziz Diýarymyzda giň gerime eýe bolýan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketlerine işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa öz gezeginde tutuş jemgyýetiň agzybirligini berkarar etmäge, ilatyň ruhubelentligini we ýaşaýşa bolan höwesini artdyrmaga giň mümkinçilikleri açýar.
Soňky ýyllarda tutuş dünýäde sport ulagy hökmünde uly meşhurlyga eýe bolan welosiped bilen köpçülikleýin ýörişleri guramak we ýaryşlary geçirmek işi giň gerime eýe bolýar. Bu Garaşsyz Diýarymyzda arassa ekoulgamy döretmäge aýawly çemeleşilýändigini görkezýär. Çünki welosiped ulagyň ekologiýa taýdan iň arassa görnüşi hasaplanmak bilen, ýurdumyzda ony gündelik ulag serişdesi hökmünde ulanýanlaryň-da sany gün-günden artýar. Hut şonuň üçin paýtagtymyzda we welaýatlarda welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň arasynda dürli ýaryşlar we türgenleşikler, köpçülikleýin ýörişler yzygiderli guralýar. Şeýle hem welosiped sporty üçin ugurdaş desgalaryň halkara ülňülerine doly laýyk gelmegi türgenlerimiziň halkara sport we Olimpiýa hereketini ösdürmäge, türkmen sportunyň abraýyny belende galdyrmaga giň şertleri açýar. Türkmenistanyň başlangyjynyň esasynda we Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 62-siniň awtordaş bolup çykyş etmeginde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi-de welosiped sportuny ösdürmekde Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýäde doly ykrar edilýändigini ýene bir gezek subut etdi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň buýsançly wakasyna öwrülen bu hoş habar jemgyýetimize sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň saglygyny berkitmek, beden taýdan berk we ruhy taýdan kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň tutuş dünýäde giň goldaw tapýandygynyň buýsançly hakykatydyr.
Sylap ANNANUROW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby