Aşgabat şäheri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, galalaryň ýerleşýän ýerinde kemala gelipdir. Şäheriň häzirki ornunda gadymy Parfiýa patyşalygynyň paýtagty bolan Nusaý galasy ýerleşýär eken. Nusaýda eldekileşdirilen ahalteke bedewleriniň athanasynyň, şeýle-de meşhur üzüm baglarynyň bardygy hakdaky gymmatly maglumatlary gadymy grek taryhçylary we syýahatçylary öz eserlerinde beýan edipdirler. Bu ýerleriniň ajaýyp tebigaty dogrusynda orta asyr taryhçylary Ýazyjy ogly Alynyň «Seljukly türkmenleriniň döwleti», Beýik Seljuk Türkmen döwletiniň weziri Nyzamalmülküň «Syýasatnama» eserlerinde hem-de Yzzeddin Ibn Esiriň «Kämil taryh» atly kitabynda duş gelmek bolýar. 1881-nji ýylda Nusaýyň töwereklerinde Aşgabat obasy esaslandyrylýar. 1924-nji ýylda Türkmenistan Respublikasy döredilenden soňra, Aşgabat ýurduň paýtagty diýlip yglan edilýär. Ine, heňňamlar öz hakykatyny subut etdi. Indi gözel paýtagtymyz Aşgabat bütin dünýäde ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän ösen şäher hökmünde giňden tanalýar.
Gözel paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň «akylly» şäherler konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muny Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy toýlanýan günlerde — 2021-nji ýylyň 25-nji maýynda ýurt Baştutanymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüniň tutulmagy hem tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumyny «şäheriň içindäki şäher» diýip hem atlandyryp bolar. Umumy meýdany 744 gektara barabar bolan bu ägirt uly toplum dürli maksatly binalaryňdyr desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine alýar. «Smart sitiniň» — «akylly» şäheriň kämil nusgasy bolan toplumda ýaşamak, dynç almak üçin ähli zerurlyklary üpjün etmek we innowasion mümkinçiliklerden giňden peýdalanmak bilen bagly şertleriň göz öňünde tutulandygyny aýratyn bellemek gerek.
Bu ýerde düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna 1200 orunlyk dört sany çagalar bagy, 3000 orunlyk umumybilim berýän dört sany orta mekdep, Medeniýet öýi hem-de 5000 orunlyk stadionly sport toplumy bina ediler. Toplumda kaşaň we has belent binalary — 12 — 35 gatly, 107 müňden gowrak ilata niýetlenen, 17 müň 836 öýli, sekiz görnüşli 180 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak meýilleşdirilýär. Munuň özi «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň häzirki zaman şähergurluşyk tejribesi esasynda döwrebap we ösen şäherleriň birine öwrüljekdigine aýdyň güwä geçýär.
«Aşgabat-sitiniň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, onda ähli durmuş amatlyklary, ekologiýa howpsuzlygynyň talaplary düýpli üpjün ediler we kämil «şäher içindäki şäher» kemala geler. Bu toplumyň gurluşygynda döwrebap pikirlenmegi başarýan hünärmenler tarapyndan şähergurluşygyň milli we dünýä tejribesiniň häzirki zaman usullary ulanylar. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ak mermerli Aşgabat diňe bir owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäher bolmak bilen çäklenmän, eýsem, döwrebap megapolis hem bolmalydyr. Söýgi bilen ýazylan söz üýtgeşik bolýar. Söýgüden gurlan şäherler bolsa gözellikde deňsiz-taýsyzdyr!
Täzegül SAPAROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ uly mugallymy

RU












