22-nji maýda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde «Ygrar ataşy» atly sahna oýny görkezildi. Bu sahna oýnuna tomaşaçy hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bagtyýar talyp ýaşlary hem gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 21-25-nji maýy aralygynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde «Türkmen teatr sungaty» atly festiwal geçirilýär. Festiwalyň çäginde ýurdumyzyň teatr ussatlarynyň sahna oýunlary görkezilýär.
Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde «Ygrar ataşy» atly sahna oýny Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseri esasynda sahnalaşdyrylypdyr. Bu sahna oýnunda Amul galasy, milli küllalçylyk sungatymyz, milliligimiziň özboluşly aýratynlyklary dartgynly, gyzykly wakalaryň üsti bilen çeper beýan edildi. Görkezilen sahna oýny talyp ýaşlarda uly täsir galdyryp, olaryň kalbynda milligimize bolan buýsanjy goşalandyrdy.
Senemgül ALLAKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

RU












