Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde bagtyýarlyk döwrüni häsiýetlendirýän ykdysady, ruhy özgertmeler ýokary depginde dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady meseleler babatda alyp barýan göwün galkyndyryjy özgertmeleri has giňden ýaýbaňlanýar. Şunda döwlet Baştutanymyzyň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak maksady bilen, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna esasy meseleleriň biri hökmünde uly ähmiýet berýändigini aýtmak gerek.
Adam hakyndaky alada ýurdumyzda her ädimde duýulýar. Halkymyzy häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary bilen doly üpjün etmek wezipesi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň her bir maşgalasy baradaky aladalaryndan gelip çykýar. Maşgalanyň bagtyýarlygy bolsa, durmuş abadanlygyny, onuň pajarlap ösüşini hasyl edýän ilkinji şertleriň biridir.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäheri — Aşgabady ösdürmegiň möhüm meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiz baş şäherimizi dünýäniň gözel we abadan şäherleriniň birine öwürmek babatda ençeme işleri durmuşa geçirýär. Bu işleriň netijesinde ak mermere beslenen paýtagtymyz dünýäniň iň gözel şäherleriniň arasynda mynasyp orun eýeleýär.
Aşgabadyň binagärlik keşbi, onuň meýdançalary we seýilgähleri aýratyn görnüşe eýe bolup, gaýtalanmajak gözelligi döretmelidir hem-de adamlaryň ünsüni özüne çekmelidir. Inženerçilik-tehniki düzümler, şol sanda ulag ýollarynyň çatryklary gurlanda, olaryň şäheriň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmegi, oňa özboluşly milli öwüşgini çaýmagy häzirki döwrüň baş talabydyr. Aziýanyň merjen şäherine öwrülýän Aşgabadymyzda gurulýan desgalardyr kaşaň binalar özüniň arhitektura täsinligi bilen göreni haýrana goýýar. Ak mermerli paýtagtymyzyň günsaýyn gözelleşmegi hormatly Prezidentimiziň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Aşgabat suw çüwdürimleriniň, arassaçylygyň, aýdym-sazyň we söýginiň şäheridir!
Gözel paýtagtymyz döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz tagallalary netijesinde dünýä derejesindäki, özboluşly we gaýtalanmajak keşbe eýe bolýar. Aşgabat köşkleriň, kaşaň edara we kärhana binalarynyň, belent ýaşaýyş jaýlarynyň, gyrasy gül jähekli şaýollaryň ajaýyp sazlaşýan şäheridir.
Ahmet ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň talyby

RU












