«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir wakasy uly many-mazmuna beslenip, ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Gahryman Arkadagymyzyň bir aýlyk dynç alşynda tamamlan «Ömrümiň manysy» atly edebi-filosofik eseriniň halkymyza gowuşmagy hem bagtyýar raýatlarymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy zamanasynda neşir edilen bu kitap Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, döwletimiziň taryhyndaky ähmiýetli wakalar hem-de ömrüni ata Watanymyzy ösdürmäge we mähriban halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmaga bagyşlan milli Liderimiziň durmuş ýolunyň esasy tapgyrlary baradaky maglumatlary özünde jemleýär.
Tutuş dünýäniň giň okyjylar köpçüligine niýetlenen gymmatly eserde Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň geçmişi, ahlak gymmatlyklary, türkmenlerde ylmyň, bilimiň we medeniýetiň döreýşi hem-de ýaýraýşy, Oguz han döwründen miras galan parahatçylyk söýüjilik, döredijilik ýörelgeleri barada gyzykly maglumatlary beýan etmek bilen, biziň gadymy milli mirasymyzyň aýratynlyklaryny açyp görkezipdir. Şeýle gymmatlyklar bolsa her bir harby gullukçyny watansöýüjilik ruhda terbiýeläp ýetişdirmekde bahasyna ýetip bolmajak terbiýe usulynyň beýanydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitaby Watany söýüp, ony ezizlemegiň, halal zähmet çekip, il-ýurda ak ýürekden hyzmat etmegiň iň kämil waspçysydyr. Awtor kitabynda mähriban kyblasy Mälikguly aganyň, onuň görüm-göreldesi, diňe bir öz maşgalasyndaky adamlara däl, tutuş il-ulsumyza belent nusgalyk görelde görkezendigi, öz ömründe iň möhüm çözgütleri kabul edeninde, hemişe kakasy bilen maslahatlaşandygy barada hem gürrüň berýär. Munuň özi biz, harby gullukçylara ömrüni Watan goragyna bagyş eden Mälikguly aganyň durmuş ýoluny içgin öwrenip, harby gullugymyzda giňden peýdalanyp, uly üstünliklere ýetmäge ruhlandyrýar. Ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz barada beýik eserleri döredip, halka ýetirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, galamy ýiti bolsun!
Ahmet ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň talyby

RU












