BOE ekranyň täze görnüşini hödürledi – Transparent OLED Interactive Window (aňyrsy görünýän interaktiw OLED-penjire).

BOE tassyklamagyna görä, bu aňyrsy görünýän interaktiw penjirelerde, pudakda öňdebaryjy aňyrsy görünýän OLED displeý tehnologiýasy ulanylýar. Ekranyň ululygy 12,5 dýuým, aç-açanlyk koeffisiýenti bolsa 45% -e ýetýär. Penjireleri, awtoulagyň öň hem-de ýolagçy tarapyndaky yzky aýnasy hökmünde gurnap bolýar.

Aýnalarda surat çekmek, nawigasiýa maglumatlaryny görmek, howa maglumatyny bilmek we hatda surata düşürmek bolar. Bu aýratynlyklar taksi hyzmatlary üçin has özüne çekiji bolup durýar – ýolagçylar dykyn wagtynda bir zatlara güýmenip bilerler. Mundan başga-da, BOE işewürlik ideýasyny hödürleýär: OLED penjireleri wideo mahabaty üçin ýer hökmünde ulanyp bolýar.

Bu tehnologiýanyň haçan täjirçilik taýdan elýeterli boljakdygy entek belli däl.

Meňli GARATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 120-nji toparynyñ talyby