Gözlegçiler 9-10 ýaş aralygyndaky ABŞ-ly 9,855 çaganyň ekran öňünde geçiren wagty baradaky maglumatlary analiz etdiler. Orta hasap bilen çagalar günde 2,5 sagat telewizora ýa-da onlaýn wideo tomaşa etmäge, 1 sagat wideo oýunlaryny we ýarym sagat internetdäki aragatnaşyklara sarp etdiler.

Iki ýyldan soň, alymlar, ilkinji gözlegdäki 5000-den gowrak çagalaryň maglumatlaryny aldylar. Geçen döwüriň içinde wideo oýunlaryna adatdakydanhas köp wagt sarp edýändiklerini habar beren gözlege gatnaşyjylaryň, ortaça görkezijiler bilen deňeşdirilende olaryň IQ-sy 2,5 ball ýokarlandy.

Çagalaryň aňlaýyş ukyby, okalan zady düşünmek, wizual-giňişlikde işlemek, ýatkeşligi barlamak, pikirleniş çeýeligi we öz-özüňi dolandyrmak ýaly meseleleri öz içine alýan synaglar bilen başlandy.

“Biziň netijelerimiz, ekranyň öňünde geçirilen wagt, düzgüne görä çagalaryň aň-bilim ukybyna zyýan bermeýär we wideo oýunlary hakykatdanam aňlaýyş ukybyna ýokarlandyryp biler” diýip gözlegçiler belleýär.

Atajanowa Dilraba,

Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Weternar lukmançylygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.