Geologlar topary halit kristallarynyň içinde 830 million ýyllyk ýaşy bolan prokariotik we algal durmuşynyň galyndylaryny tapdy. Munuň iň geň tarapy, bu organizmleriň diri galyp bilmegidir.

Bu açyşyň, diňe bir Ýerde däl, eýsem Mars ýaly dünýä daşy gurşawynyň, taryhdan öňki durmuşynyň gözleglerine uly ähmiýeti bardyr. Işiň hakykaty, Gyzyl planetada duzuň uly ýataklary ýüze çykaryldy. Halit bolsa gaýa duzudyr. Bular deňiz gurşawynda emele gelýär, olaryň içinde az mukdarda suwuklyk saklanyp bilýär. Bu olary ylmy nukdaýnazardan gymmatly görkezýär.

Alymlar halit kristallaryny kesgitlemek üçin dürli usullary ulandylar we soňra olardaky suwuklygyň goşundylary öwrenmek üçin 2000 çenli ulaldylyp görmegi ulandylar. Olaryň içinde prokariotik we eukariotik öýjüklerine mahsus gaty we suwuk organiki maddalar tapyldy. Gözlegçiler, käbir organizmleriň diri galamak ähtimallyhyny bellediler.

Kulaşowa Jennet
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 124-nji toparynyň talyby