20-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabadyň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen taslamalar bilen tanyşlykdan soňra, awtoulagda Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynda alnyp barylýan gurluşyklary hem synlady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow hormatly Prezidentimize paýtagtymyzyň çäklerinde ýerleşýän awtomobil köprüleri, olaryň aýratynlyklary, şeýle-de köprüleriň ýerasty bezeg işleriniň görnüşleri barada hasabat berdiler. Döwlet Baştutany görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olaryň häzirki döwrüň ruhuna we ak mermerli paýtagtymyzyň okgunly ösüşine kybap gelmelidigine ünsi çekip, bezeg işlerine gaýtadan seredilmelidigini belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň belentliklerine galdy. Bu ýerde toplumyň yşyklandyryş ulgamynyň teklip edilýän görnüşleri görkezildi. Hormatly Prezident beýik şahyryň heýkelini hem-de medeni-seýilgäh toplumyň umumy görnüşiniň taslamalary we çyzgylary, ony abadanlaşdyrmakda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Toplumyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen gyzyklandy.

Wise-premýer döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, toplumyň bezeg işlerinde we Magtymguly Pyragynyň tutuş adamzat jemgyýetine belli bolan şygyrlaryndan ganatly setirleri baýyrlaryň ýüzünde ýagtylandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi.