Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa “Tatarystan Respublikasyna eden işleri üçin” ordeni gowşuryldy. Baýrak 19-njy maýda Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow tarapyndan gowşuryldygy hakda Tatarystanyň döwlet baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow “Tatarystan Respublikasynyň iň ýokary baýragyny almak onuň üçin uly hormatdygyny” belledi we muňa doganlyk Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistanyň halkyna uly hormatynyň nyşanydygyny aýtdy.
“Tatarystan Respublikasyna eden işleri üçin” ordeni 2004-nji ýylyň 24-nji martynda döredilipdi. Bu Tatarystan Respublikasynyň iň ýokary döwlet baýragydyr.
Munuň Gurbanguly Berdimuhammedowa Tatarystan Respublikasynyň Gurbanguly Berdimuhamedowa bgowşuran ilkinji döwlet baýragy däldigini hem bellemek gerek. 2017-nji ýylyň başynda hem “Dusluk”-“Dostluk” baýragynyň hem eýesi bolupdy.