2020-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri çözmekde ýöriteleşdirilen halkara guramalar, hususan–da, Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy (WIPO) hem–de Ýewraziýa patent guramasy (EAPO) bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine möhüm orun degişlidir.
Şunuň bilen baglylykda, ýokarda beýan edilen teklipleri durmuşa geçirmegiň ýollaryny maslahatlaşmak üçin şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 21-nji maýynda çykaran Kararyna laýyklykda döredilen Intellektual eýeçilik obýektlerini goramak ugry boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisini geçirmek teklip edilýär. Bu barada Hökümetiň 19-njy maýda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurdaky toplumlaýyn işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

RU












