Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar syýasatyna uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň ýaşlar baradaky syýasaty ýaşlara hukuk, ykdysady we guramaçylyk babatda zerur bolan şertleri döretmäge gönükdirilendir. Bu ugurdaky çäreleriň esasy maksady ýaş raýatlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemegi üçin zerur bolan döwlet kepillendirmelerini üpjün etmekden ybaratdyr. Ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin hukuk we durmuş-ykdysady şertleri döretmek, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak bu ugurda aýratyn ähmiýet berilýän ugurlardyr. Şu maksat bilen, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn ösen, berk bedenli, ruhy taýdan kämil, ýokary aň-düşünjeli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Ýaşlaryň ýurduň geljegi bolup durýandygy nukdaýnazaryndan, ýurduň nähili ösjekdigi, onuň nähili ösüş ugurlarynyň, nähili medeni mirasynyň boljakdygy ýaşlara bagly bolup durýar, şonuň üçin her bir ýaş raýat öz hukuklary barada bilmelidir we öz Watanynyň bähbidine olardan ýerlikli peýdalanmagy başarmalydyr. Uly nesliň wekilleriniň jemgyýetiň ünsüni ýaşlara çekmegi, ýaşlary öz meselelerini çözmäge çekmegiň ýollaryny we usullaryny tapmagy, olary çözmek üçin ýaşlara durmuş we serişde gorlaryny işjeňleşdirmäge ýardam etmegi zerurdyr.
Ýaşlar öz ýurdunyň durmuş taýdan ösüşine peýdaly işler arkaly goşant goşmalydyr. Şeýle ýaşlar bu gün öz obasynyň, etrabynyň, şäheriniň geljegi üçin jogap bermäge ukyply, sebitleriň işgärler maýasy bolup biler. watandaşlarynyň durmuşy hakda pikirlenmegi, geljege ynamly seretmegi we ony öz elleri bilen gurmagy başarýan ýaşlaryň bardygy buýsandyryjydyr.
Ýaşlaryň watansöýüji, döredijilige ukyply bolup ýetişmekleri tutuş jemgyýetiň wezipesidir. Çünki watansöýüji, kalby ynamly, ýüregi maksatly adam döwlet möçberinde, jemgyýet derejesinde pikirlenmäge, geljegi gurmaga ukyplydyr, ol halkyň bähbidini şahsy bähbidinden ileri tutýan adamdyr. Şoňa görä-de, bu gün ýaşlar hakda edilýän alada ählitaraplaýyn ösen şahsyýetleriň kemala gelmegine şert döredýär. Bu ugurda beýik işleri durmuşa geçirýändigi üçin hormatly Prezidentimize alkyşlarymyzyň çägi ýokdur.
Gülnar ATAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby

RU












