Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günlerinde paýtagtymyzda üstünliklere beslenip geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň netijeleri döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm ädim boldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda üstünlikli geçirilen bu forumda Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň «МПА СНГ. 30 лет» ýubileý medaly, Azerbaýjan Respublikasynyň «Hormatly aksakgal», «Ulu Türk» altyn ordenleri, şeýle hem «Ýer ýüzünde parahatçylyk üçin» milli baýragy bilen sylaglanmagy bagtyýar halkymyzda uly buýsanç döretdi.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki taryhy eýýamda parlament diplomatiýasy parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň guraly bolmalydyr. Her bir geçirilýän halkara forumlarda, duşuşyklarda we maslahatlarda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, özara ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Häzirki wagtda ýurdumyz halkara gatnaşyklaryny üstünlikli ýola goýmakda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly pelsepäni işjeň durmuşa geçirýär. Parlamentara gatnaşyklary ösdürmekde hem bu pelsepäniň ähmiýeti uludyr.
Şu ýylyň 12-nji maýynda paýtagtymyzda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllyk şanly toýunyň dabaralanýan günlerine gabat gelmegi ajaýyp sazlaşygy emele getirdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilen bu forum sebitde we dünýä ýüzünde parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmakda we ösdürmekde möhüm ädim boldy. Kalbymyza buýsanç, göwnümize ganat beren bu ajaýyp pursatlar bütin dünýäde dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynanyşmagyň we parahatçylygyň dabaralanýandygyny görkezdi. Bu forumda Gahryman Arkadagymyza gowşurylan ýokary sylaglar bilen Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we ähli halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Döwletli işleri äleme nusgalyk Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri rowaç bolsun!
Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ uly mugallymy

RU












