Klimatyň üýtgemegi we howanyň gyzmagynyň öňüni alynmagyna çagyryp edýän çykyşlary bilen giňden tanalýan Greta Tunberg, 2003-nji ýylyň 1 nji ýanwarynda Şwesiýada dünýä inýär. Onuň kakasy artist ejesi bolsa, dünýä meşhur opera aýdymçysydyr. Ol çykyş etmäge 2018-nji ýylda başlaýar. BMG-nyň Klimatyň üýtmegine bagyşlanyp geçirilen konferensiýasynda (СOP24) çykyş edip dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekmegi başarýar.

Ýaňy 8 ýaşyndaka klimatyň üýtgemegi we howanyň gyzmagy ýaly ekonomik meseler bilen gyzyklanyp başlan Greta dürli çeşmelerden peýdalanyp bu meseläni içgin öwrenýär. Klimatyň üýtgemeginiň esasy sebäpkäriniň adamlardygyny göz ýetirende, bu ekologik meselä garşy göreşmegi ýüregine düwýär we özüniň psihologik kesel bolan asperger sendromlydygyna garamazdan, 16 ýaşynda dünýä jemgyýetiniň öňünde batyrgaý çykyş edip başlaýar.

Greta sendroma sataşan wagtlary kän iýmeýär we känbir gerekli duýmasa gürlemeýär. Bu başyndan geçiren näsaglygy sebäpli öz ýaşdaşlaryndan örän kiçi görünýän Greate öz hassalygy barada şeýle diýýär: “Asperger sendromy meni beýlekilerden biraz üýtgeşik bolmagyma sebäp bolýar. Men hakykatdanam sosial oýunlary oýnamok, ýalan sözläp bilemok, başgalar ýaly aýdamda başa zatlary aýdyp, başga hereketler edemok” diýýär.

Ol öz çykyşlarynda “Biz bilgeşleýin köpçülikleýin gyrylyşyga sebäpmi bolýas? Biz şeýle wyždansyzmy? Meniň her gün duýýan gorkymy siziň duýmagyňyzy, başdan geçirmegiňizi, öýüňiz ýanýan ýaly duýgy bilen herekete geçmegiňizi isleýän. Sebäbi bolýan zat şol. Hemme ýurtlarda klimatyň üýtgemeginiň öňüni almak üçin has köp hereket edilmeli bu barada alada edilmeli we pul serişdelerini has köp bu ugra gönikdirmeli. Diňe söz berip oturmaly däl-de diňe herekete geçmeli” diýýär. Onuň bu sözleri bütin dünýä jemgyýetini pikirlenmäge mejbur edýär.

Greta Tunberg Time žurnaly tarapyndan 2018-nji ýylda geçirilen iň täsirli ýaşlaryň sanawyna goşulýar. Wagtyň geçmegi bilen Greateniň hereketlerine dünýäniň 270 şäherinden 70 müňe golaý okuwçylar (adamlar) oňa goşulýar.

Aýgül BERDIÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniñ Halkara ykdysadyyeti we menejment fakultetiniñ Halkara ykdysadyýeti hünäriniñ 2-nji ýyl talyby