Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden joşup çykan ähli gymmatly eserleri tutuş halkymyzyň ýankitabyna öwrüldi. Ol eserler her bir ynsana her bir işde ýakyn gollanma bolup hyzmat edýär. Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza «Ömrümiň manysy» atly eserini sowgat bermegi tutuş türkmen halkyny diýseň begendirdi.
Bu ajaýyp kitapda Berkarar Watanymyzyň şan-şöhraty, halkymyzyň at-abraýy Arşa göterilýär. Bu gün Türkmenistan dünýä halklary bilen özara bähbitli we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň rowaçlanýan ýurdy hökmünde hem uly meşhurlyga eýe bolýar. Köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli ýol-ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz hakda gürrüň berýän bu ajaýyp kitaby okanyňda, Watanyňa, ene topragyňa bolan söýgiň öňküden hem joşýar, şeýle keremli toprakda ýaşaýandygyňa buýsanjyň goşalanýar.
Bu ajaýyp eseriň gatyny açyp, girişine göz gezdirip başlanyňdan, hormatly Arkadagymyzyň tutuş türkmen halkyny öz ömrüniň manysyna deňeýändigine düşünýärsiň. Berkarar döwletimiziň, il-günümiziň at-abraýyny arşa ýetiren Ägirt Şahsyýetiň, Dünýäde ykrar edilen Lideriň ömrüniň manysyna deňelýän halkyň bir wekilidigiňe bolan buýsanç bolsa seni tutuş durkuň bilen gaplap alýar.
Kitabyň çeper, akgynly, sada sözlüligine maýyl bolup, setirme-setir boýlap barşyňa, hakyky ynsan bolmak üçin, manyly ýaşamak üçin, yzyňda ýagşy at galdyrmak üçin özüňde nähili häsiýetleri jemlemelidigi, haýsy ýörelgä eýermelidigi, haýsy ynanja uýmalydygy baradaky öz ýanyňdan döreýän sowallaryň ýumagyny çöşläp ugraýarsyň.
Kitabyň «Ýaşaýyş medeniýeti» bölüminde ynsanyň ömür ýolunda, perzent terbiýesinde, jemgyýetiň esasyny düzýän maşgalalaryň bagtyýarlygyny berkitmekde zenan maşgalalaryň ornunyň iňňän uludygy bellenilýär. Ene dünýä mähir paýlaýar. Şol mähir bolsa perzentleriniň ömrüniň manysyny goýazylaşdyrýar. Ene mährinden ganan perzentler geljekde Watana wepaly, ilhalar ynsanlar, beýik şahsyýetler bolup ýetişýärler. Gahryman Arkadagymyzyň bu dürdäne kitaby milli ýörelgelerimizi, ene mukaddesligini we maşgala däplerini arzylaýşy bilen kalplaryň kitabyna öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyz kitabyň «Milletiň ruhy-ahlak mekdebi» bölüminde halkymyza mahsus edim-gylymlar esasynda tutulýan toýlarymyzyň aýratynlygy, toý däpleriniň gelip çykysy, manysy barada giňişleýin söz açýar. Şu bölümde şahandaz halkymyzyň toý tutmak, ogul öýerip, gyz çykarmak, myhman-mediwan garşylamak, köpçülik bilen garylyp-gatylmak ýaly ýörelgeleriniň düýp özeninde türkmençilige mahsus ruhy ahlaklylygyň, göwnaçyklygyň, pes pälliligiň jemlenýändigine göz ýetirýäris.
Esanowa Bahar
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ talyby

RU












