Durmuşymyzyň gülleri bolan çagalarymyz kämil bilim we terbiýe alýarlar. Çagalaryň hyzmatyndaky ýokary derejeli dynç alyş merkezleri dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen. Şeýle merkezler tomus paslynyň lezzetini has-da artdyrýar. Gökdere jülgesinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän şeýle döwrebap merkezlerde çagalar üçin gyzykly gezelençler guralyp, zehin we döredijilik bäsleşikleri geçirilýär.

Her bir öýüň ýaraşygy, gelşigi çaga. Ata-enäniň mähir-muhabbeti bu babatda iň oňat melhem saýylýar. Söýgi bilen gurşalan balalarymyza ýurdumyzda öndürilýän iň oňat, ýaraşykly egin-eşikler geýdirilýär. Olar bilen ýygy-ýygydan bileje dürli mazmunly kitaplaryň okalmagy, çagalar üçin niýetlenen filmlere tomaşa edilmegi terbiýä dogry täsir edýär. Kitap we kino gahrymanlarynyň üsti bilen çagada arassaçylygy, päkizeligi, zähmetsöýerligi terbiýeläp bolýar. Çagalaryň maşgalada belli bir gün tertibi esasynda terbiýelenmegi hem saglyk bähbitli işleriň biridir. Olar ir sagat 7-de oýanyp, tä agşam sagat 21-de gijeki uka gidýänçäler iýmitdenem, howadan hem, dürli sport we milli oýunlardan-da, arassa howada gezelenç etmekden-de geregini edinýärler. Şeýle çagalar mekdepde-de, çagalar bagynda-da elmydama keýpiçag bolýarlar. Olar deň-duşlaryndan saýlanmagy, ylalaşykly bolmagy başarýarlar.

Çagalara bilim-terbiýe bermek, olaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak ugrunda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk saklap gelýär. Türkmenistan döwletimiziň bu ugurda binýatlaýyn halkara hukuk resminamalarynyň birnäçesine goşulyşmagy dünýä ýüzündäki ornunyň ykrar edilýändiginiň mysalydyr. Maşgala we hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 12-nji babynyň tutuşlygyna çagalaryň hukuklaryna bagyşlanmagy ýurdumyzda çagalaryň hukuklarynyň eldegrilmesizdigini subut edýär. Çagalaryň hukuklaryny goramakda kanunçylyk ulgamy ösdürilip, dürli mazmunly resminamalar kabul edilýär. Olardan «Çagalaryň hukuklarynyň kepillikleri hakynda», «Ýaşlaryň zähmete bolan hukuklarynyň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny mysal getirmek bolar.

Her ýylyň 1-nji iýunynda Watanymyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň döwlet derejesinde bellenilip geçilmegi olaryň her biriniň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Türkmen halky üçin çaga ýaly eziz zat ýokdur. Goý, gözümiziň görejine deňeýän balalarymyz elmydama bagtdan paýly bolsun! Olaryň gaýgysyz-gamsyz ösüp ulalmagy, berk bedenli, tämiz kalply, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi ugrunda bimöçber işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Atajan HAMRAÝEW,

Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynyñ Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby