Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň batly ädimleriniň halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakalara beslenmegi geljegiň ruhubelentligini artdyrýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda, esasan-da, daşary syýasatda, goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň öňe ilerlemeginde wajyp many-mazmuna eýe bolan wakalaryň köp bolmagy her bir türkmenistanlynyň göwnüni galkyndyrýar. Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permany esasynda «Dostluk» ordeni bilen sylaglanmagyny şatlyk bilen kabul etdik.
Munuň özi asyrlara siňip gidýän gatnaşyklarda birek-birege uly ynam-hormat bildirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan kemal tapan, ýurdumyzy dünýäniň öňünde belende galdyran syýasat bu günki gün täze belentliklerde dowam tapýar. Onuň üstünlikli sepgitlerine halkara jemgyýetçiligi uly ynam, buýsanç bilen bakýar. Bu buýsançly kelamlaryň durmuşy subudy 19-njy maýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndaky dabaraly pursatlaryň mysalynda beýanyny tapdy. Dostlarymyzyň mekanyna gulluk iş saparynyň dowamynda Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň Gahryman Arkadagymyzy «Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» atly orden bilen sylaglamagy ýyllaryň dowamynda amala aşyrylan işlere hoşallygyň beýanydyr.
Dünýäniň haýsy künjeginde, haýsy ýurt bilen baglanyşyklydygyna garamazdan, halklaryň arasynda dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň berkemegi bilen baglanyşykly habarlar her bir ynsanda mähirli tolgunma, şatlyk, kanagatlanma duýgularyny döredýär.
Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza dostlukly döwletiň belent sylaglarynyň gowşurylmagyny-da her bir türkmenistanly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň geljekki rowaç menzilleriniň başlangyjy hökmünde kabul etdi.
Halkymyzy bagtyýarlyk ýoly bilen öňe sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýokary sylaglary bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başlary aman bolsun!
Merdan ÇARYMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby

RU












