Bagtyýar çagalygyň, asuda durmuşyň gujagynda erkana ýaýnaýan şadyýan çagalaryň mekanyna öwrülen eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýaş nesillerimiz uly alada bilen gurşalýar. Çagalaryň durmuş goraglylygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülýär. Ata Watanymyzyň aýdyň ertirleriniň eýeleri, bagtyýar halkymyzyň dowamaty hasaplanýan çagalaryň kämil bilim-terbiýe almaklary, sagdyn bedenli, milli ýörelgelerimize ygrarly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesillerimiziň aýratyn ukyp-başarnyklaryny, ýiti zehinlerini ýüze çykarmak, saýlap alan ugurlary boýunça kämilleşmekleri üçin ýurdumyzda döredijilik bäsleşikleri, festiwallar yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzda we dünýä derejesinde geçirilýän abraýly halkara sport ýaryşlarynda hem bagtyýar nesillerimiziň gazanýan üstünliklerine şaýat bolýarys.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalaryň we eneleriň saglygyny goramak babatda edilýän tagallalar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň aýrylmaz bölegi hasaplanýar. Bu babatda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz abraýly halkara guramalary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýýar. Ýurdumyz bilen BMG-niň ÝUNFPA, ÝUNISEF hem-de BSGG ýaly düzüm birlikleriniň arasynda eneleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça uzak möhletleýin maksatnamalar hereket edýär.

Ýurdumyzda çagalaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygynyň hem-de bu babatda ynsanperwer döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň ygtybarly hukuk binýady döredilýär. Çagalaryň durmuş we hukuk taýdan kepillikleri ýurdumyzyň Konstitusiýasynda hem-de «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda öz beýanyny tapýar. Bu bolsa ýurdumyzyň bagtyýar nesilleriniň jemgyýetiň we döwletiň aýratyn goragyndadygynyň aýdyň subutnamasydyr.

«Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasy» hem-de «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa» çagalaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen uzak möhletleýin meýilnamalar bolup, olar bu babatda kabul edilen kanunlara we hukuk namalaryna esaslanyp taýýarlanyldy.

Bütin dünýäde uly şan-şöhrata eýe bolan Türkmenistan döwleti BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklaýar. Ýaş nesilleriň bagtyýar çagalygyny üpjün etmek babatda döwletimiziň amala aşyrýan ynsanperwer durmuş syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär we giň goldawa eýe bolýar. Çagalaryň raýat, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny özünde jemleýän BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Çaganyň hukuklary hakyndaky» Konwensiýa goşulmagy döwletimiziň ynsanperwer başlangyçlara ygrarlydygyny aýdyň tassyklaýar.

Agamyrat ŞAJANOW,

Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby