Ýaragly çaknyşyklar, zorluk we yzarlamalar sebäpli öýlerini terk eden bosgunlaryň we içerki göçürilenleriň sany dünýäde ilkinji gezek 100 milliondan geçdi. Bu barada BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça ýokary komissarynyň edarasy habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

“Dawalardan, zorlukdan we yzarlamalardan gaçmaga mejbur bolan adamlaryň sany taryhda ilkinji gezek 100 milliondan geçdi” – diýip, edara belleýär.

Edara 2021-nji ýylyň ahyrynda “zorluk ýa-da Owganystan, Burkina-Faso, Kongo Demokratik Respublikasy, Mýanma, Nigeriýa we Efiopiýa ýaly ýurtlarda uzaga çeken dawalar” sebäpli “dünýäde mejbury göçürilen adamlaryň sanynyň 90 milliona ýetendigini” belleýär. Mundan başga-da, 2022-nji ýylda Ukrainadaky waka “bu ýurduň içinde 8 mln adamyň göçürilmegine sebäp boldy, şeýle-de 6 milliondan gowrak bosgun hasaba alyndy”.

“Ýüz million – bu bir wagtyň özünde aýňaldýan we alada döredýän aýylganç san. Bu hiç haçan goýulmaly däl bolan rekord” – diýip, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça ýokary komissary Filippo Grandi aýtdy. Ol bosgunlara we öýlerinden göçürilenlere berilýän ynsanperwer kömeginiň meseläniň “bejergisi däl-de, wagtlaýyn çäredigini” aýtdy. “Tendensiýany üýtgetmek üçin ýeke-täk jogap parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmak bolup biler” – diýip, Grandi sözüni jemledi.