Halkara hokkeý federasiýasy (IIHF) Latwiýa bilen Finlýandiýany 2023-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri hökmünde tassyklady. Bu barada karar Finlýandiýanyň Tampere şäherinde geçirilen IIHF kongresinde kabul edildi diýip, TASS-yň habarçysy habar berýär.
Ýaryş 12-nji maýdan 28-nji maý aralygynda Tampere we Riga şäherlerinde geçiriler. Latwiýanyň hokkeý federasiýasynyň we Finlýandiýanyň hokkeý birleşiginiň bilelikdäki arzasy ýeke-täk boldy. 8-nji maýda halkara federasiýa Wengriýa bilen Sloweniýanyň ýaryşy geçirmek üçin bilelikdäki arzany tabşyrandygyny, soňra arzanyň yzyna alnandygyny habar berdi.
Latwiýada dünýä çempionaty üçünji gezek geçiriler, öň ýurt 2006-njy we 2021-nji ýyllardaky ýaryşyň oýunlaryny kabul etdi. Finlýandiýa, häzirki ýaryşdan başga-da, çempionaty 1965, 1974, 1982, 1991, 1997 we 2003-nji ýyllarda kabul etdi. 2012-nji we 2013-nji ýyllarda ýurt ýaryşy Şwesiýa bilen bilelikde geçirdi.

RU












