Ýurdumyzda ynsanlaryň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolmaklary üçin ähli mümkinçiliker döredilýär. Sportuň ähli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ýurdumyzyň dürli ýerlerinde sport desgalary, sport mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär. Il saglygy – ýurt baýlygy şygar bilen öňe barýan türkmen halky dünýä döwletlerinde geçirilýän sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolyarlar.

Sportyň iň meşhur görnüşleriniň biri, ekologiya taýdan arassa hem amatly ulag hökmünde welosiped bolup durýar. Adam welosiped sürmek bilen meşgullanýan wagty şähdi açylyp, ruhy göterilýär. Arassa howada tigir sürmegiň aýratyn bir lezzeti bar. Sportuň welosiped görnüşi bilen meşgullanmak adamyň gan aýlanyşygynyň we öýkende amala aşýan dem alyş hadysasynyň gowulanmagyna, dürli keselleriň döremek howpunyň azalmagyna getirýär.

Taryhda ilkinji welosiped bäsleşigi 1868-nji ýylyň 31-nji maýynda Parižde geçirilipdir. 1990-nji ýylyň 14-nji aprelinde Belgiýanyň, ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Şweýsariýanyň hem-de Italiýanyň gatnaşmagynda Halkara welosipedçiler birleşigi (HWB) döredilýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolup geçen 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen degişli Kararnama kabul edilip, 3-nji iýun Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi.

Enebaý GARAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň talyby