Fransiýanyň şäherleriniň häkimiýetleri azyk önümlerini tölemek üçin ilata talonlary we şahadatnamalary paýlap başladylar. Bu barada France2 teleýaýlymy habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.

Şeýle kömek bahalaryň ýokarlanmagy we ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň peselmegi bilen bagly berlip başlandy, raýatlara 5, 20 we 30 ýewro talonlar berilýär.

Bellenilişi ýaly, şahadatnamalary berýän we ilata beýleki goldaw çärelerini berýän şäher administrasiýalaryna şeýle başlangyç 37 mln ýewro düşer. Şol bir wagtyň özünde bahalar dowamly ýokarlanan ýagdaýynda talonlar gaýtadan paýlanyp bilner.