Kabo-Werdeli (Atlantikadaky bir arhipelag) balykçylar topary, agramy 621 kg we uzynlygy 3,6 metr bolan Atlantik gök marlini tutdylar diýip Daily Star habar berýär. Ol taryhda ululygy boýunça ikinji orunda durup, soňky 30 ýylda Atlantik ummanynda tutulan iň uly balyklaryň birine öwrüldi.
Äpet balygy awlamaklyk 6 gün dowam etdi we oňa balykçylaryň tutuş topary gatnaşdy. Marlin çeňňege düşende balygy gaýyga çykarmak üçin üç adam we ýarym sagatdan gowrak wagt gerek boldy. Balykçylar ýyrtyjynyň etini pudarladylar we onuň etini ýerli ýaşaýjylara paýladylar – ol onlarça maşgalany eklemek üçin ýeterlikdir.
Munuň geň galdyryjy tarapy, uzynlygy we agramy boýunça tutulan marlin taryhdaky iň uly balyk däl. Dünýä rekordlar bazasyna görä, jedelsiz çempion 1992-nji ýylda Braziliýada tutulan, agramy 636 kg bolan IGFA All Tackle boldy.