2022-nji ýylyň birinji çärýeginiň netijesi boýunça TikTok programmasy App Store we Google Play-de iň köp ýüklenip alnan programma boldy. Bu barada analitik kompaniýa Sensor Tower-iň täze hasabatynda belli boldy.
2022-nji ýylyň başyndan bäri TikTok iOS we Android-de 175 milliondan gowrak gezek göçürilip alyndy. Jemi aýdanyňda bolsa, 2021-nji ýyldan bäri bu programma 3,5 milliarddan gowrak gezek ýüklendi. Şeýlelik bilen TikTok bu belligi ýeňip geçen taryhynda bäşinji programma bolýar.
160 million töweregi göçürip alynmasy bilen ikinji ýerde Instagram sosial ulgamy durýar. Öňki çärýekde bu programma Sensor Tower reýtinginiň lideri bolupdy. Üçünji orunda – Facebook (takmynan 150 million ýükleme). Dördünji orunda – WhatsApp (125 million ýükleme). Bäşinji ýerde – Telegram (takmynan 110 million ýükleme).

RU












