Lukman Sara Mednikiň sözlerine görä, gündizki uky hem edil doly gije ukusy ýaly beden üçin peýdaly bolup biler. Siz gündizlerine ýatýandygyňyz sebäpli, duýgulary dolandyrmak ukybyňyz gowulaşýar, has ünsli bolýarsyňyz we ukyçyllykdan dynýarsyňyz.
Mundan başga-da, gündizki sagatlarda ýatýan adamlar bilen bu ukudan ýüz öwüren adamlary deňeşdireniňde, öňdäkileriň ýatkeşligi has gowydygy ýüze çykdy. Hünärmeniň sözlerine görä, umuman alanyňda, bu ýagdaýda iň möhüm zat ukynyň hilidir.
Şeýle hem ünslülik we ýatkeşlik bilen bilelikde beýniniň ösmegi üçin iň peýdaly hasaplanýan ukynyň ýenede bir tapgyry bar. Bu ukynyň ikinji tapgyry, umumy uky döwrüniň takmynan 60 göterimini düzýär. Üstesine, bu täsir gysga 20 minutlyk gysga uky döwründe-de dowam edýär, ýöne iň amatlysy (has gowy ýatkeşlik üçin) 60 minut ýatmaly.

RU












