Bitkoin şenbe güni söwdalaşyk sessiýasynyň dowamynda 6,57%, 19,450 müň dollara çenli peselýär. Muňa Coindesk meýdançasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär diýip, TASS ýazýar.
Sagat 10:58-däki maglumatlara görä, bitkoinyň bahasy 8,81% arzanlady we 19,218 müň dollar derejesinde saklanýar.
Bitkoinyň bahasy soňky gezek 2020-nji ýylyň dekabr aýynda 20 müň dollardan aşak düşdi.
Bitkoin – blokçeýn tehnologiýasynyň esasynda adybir kriptowalýutanyň merkezden ýaýradylan ulgamy, ony islendik ulanyjy – ulgama gatnaşyjy “gazanyp” (emitirläp) biler. Munuň üçin ulgamyň täze bloklaryny döretmeli.
Ulgamyň konsepsiýasy 2008-nji ýylyň noýabrynda onuň awtory (mümkin, awtorlar topary) tarapyndan Satosi Nakamoto lakamy bilen çap edildi. Bitkoin diňe soňky ýyllarda aşa meşhur boldy Bitkoinyň emissiýasy tebigy görnüşde çäklendirilen. Häzirki wagtda bitkoýnyň agramly bölegi eýýäm “gazanylan”.