20-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýuny kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Prezident hem-de HHR-iň iri korporasiýasynyň ýolbaşçysy bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza “CNPC-niň” ýurdumyzda alyp barýan işleri barada habar berdi. Işewür hytaýly hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän çynlakaý hem-de jogapkärli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyza, şeýle-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.