Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi O.D.Kononenkany doglan güni bilen gutlady.

«Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, şeýle hem älem giňişligini özleşdirmekde alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin» diýlip gutlag hatynda aýdylýar.