Hawa, bu gün Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halky täzeden galkynýar. Ol ýöne galkynyş däl, eýsem, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwlarynyň wysal bolýan beýany. Islendik waka öz gözbaşy hakda oýlandyrýar. Ine, bu gün Berkarar türkmen döwletiniň şu günki derejesi – pederleriň arzuwlan zamanasy. Ýurt Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplygy, bu iki goşa ganat türkmen döwletliliginiň arzuwlanyp ýetilen gymmatlygy ahyry. Elbetde, “Bu iki goşa döwletlilige eýe bolmakda türkmen halky nähili günleri başyndan geçirdikä?” diýen soraglar bada-bat peýda bolýar. Bu barada bilmek üçin beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň şol döwri beýan edýän Watançylyk temasyndaky ýazylan goşgularyny okamak ýeterliklidir.
Geçmişde türkmen halkynyň ençeme döwletleri gurandygy hemmämiz üçin mälim. XI – XIV asyrlarda gurlan ol döwletler ýuwaş-ýuwaşdan synmak bilen boldy. Ençeme asyr geçdi, emma türkmenler başdaky sarsdyrylan dünýäni öňki kaddyna getirip, özbaşdak, garaşsyz döwleti gurup bilmediler. Bu ýagdaý öz döreden eserleri bilen diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä poeziýasynyň taryhyna öçmejek yzyny goýmagy başaran parasatly filosof, beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň ýaşap geçen zamanynda, ýagny, XVIII asyrda hem şeýledi. Bu döwürde türkmen halky azat, özbaşdak, kişä garaşsyz ýaşamak umyt-arzuwy bilen ýaşaýardy. Ýurt ruhy taýdanam, ykdysady taýdanam çökgündi.
Şol döwürde türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragy halka çagyryş bilen ýüzlendi. Ol tutuş türkmen ilini bir bitewi döwletiň, bir supranyň başyna çagyryş sedasydy:
Agzalalyk aýrar ili dirikden,
Munda döwlet dönüp, duşmana gelgeý.
Pyragynyň türkmen taýpalaryny birleşdirmek meselesinde ýazylan goşgularynyň ýene biri hökmünde “Türkmeniň” atly goşgyny aýtmak bolar.
Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn erär topraklar, daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
Hawa, bu gün türkmen ili bir supranyň başynda. Bu gün türkmeniň ykbaly göterilýär. Bu gün baryp XVIII asyrda beýik türkmen şahyrynyň eden arzuwlary hasyl bolýar. Bu gün şeýle bir döwür geldi. Magtymguly Pyragynyň arzuw eden döwri geldi. Şeýle bir zaman geldi. Halkyň Arkadagly, Arkadagly Serdarly zamany geldi. Ine, Magtymguly Pyragy gör, nähili jenneti ýurdy arzuw edipdir.
Mähriban SEÝLIÝEWA,
Daşoguz welaýatynyñ Gubadag
etrabynyñ merkezi kitaphanasynyñ
kitaphanaçysy.

RU












