Hünärmen, kofeniň peşew çykaryjy içgidigini, şol sebäpden hem bedenden suwy çykarýandygyny onuň bolsa yssy howada adama zyýan berýändigini aýtdy. Mundan başga-da, kofe suwsuzlygy gandyrmaýar.
Lukman yssy howada kofe we energetik içgileri ýaly içgileri köp içmeli däl diýip aýtdy. Ýürek-damar ulgamy şeýle hem dartgynly ýagdaýda işleýär we eger-de olara güýçlendiriji içgiler bilen agram salynsa, onda ýürek we gan damarlary üçin howp ýokarlanýar.
Lukman, kofe içmegi has isleýän bolsaňyz onda ony yssy howada sowuk içmek gowy bolar diýip maslahat berdi.
“Kofe içeniňizden soň, onuň yzyndan hökman goşmaça suw içiň. Mundan başga-da, yssy howada islendik içgiler sowuk içmek has gowudyr. Şol sebäpden, kofe içmekden ýüz öwürip bilmeýän bolsaňyz, ony sowuklygyna içiň “-diýip hünärmen gürrüň berdi.
Altyn BABAÝEWA,