Digital Trends Android 13-iň soňky wersiýasynyň awgust aýynda çykjakdygyny aýan etdi. Olar bu ýakymly täzeligi, Google-yň täze operasiýa ulgamyny synagdan geçirmekde eýýäm ep-esli üstünlik gazandyklary bilen düşündirdiler.
Şeýlelik bilen, Android-iň adaty üçünji beta wersiýasy diňe awgust aýynda elýeterli bolýan bolsa, onda 2022-nji ýylda ony eýýäm, iýul aýynyň başynda gurnap bolýar.
“Arassa Android” hakda gürleşýändigimizi belläp geçeliň – bu wersiýany köplenç ýagdaýda diňe Google Pixel lineýkasynyň smartfonlary alýar. Beýleki markalaryň smartfonlaryndaky täzelenme möhleti tapawutlanyp biler we ulgamyň, öndürijiniň enjamlaryna uýgunlaşma tizligine bagly bolup biler.