Beýik Britaniýadaky Mançester uniwersitetiniň gözlegçileri täze biodargaýan geliý oýlap tapdylar. Lukmanlar onuň kömegi bilen infarkt geçiren hassalaryň ýürek dokumalaryny dikeldip bilerler.
Bu geliýni göniden-göni işläp duran ýürege goýberip boljakdygy,habar berildi. Bu serşde öýjüklere täze dokumany ösdürmäge kömek edýär.
Şol bir wagtyň özünde, öňler şunuň ýaly ýagdaýlarda öýjükli sanjymlaryň edilendigini, ýöne implantasiýa edilen materialyň diňe 1% diri galýandygyny bellemelidiris.
Alymlar, öz döreden geliýleriniň ýüregiň myşsa dokumalarynyň adaty ýagdaýa ösmegine goldaw berip bilýändigini görkezmek bilen öz işlerini subut etdiler. Mundan başga-da, ekokardiogrammalar we elektrokardiogrammalar geliýniň syçanlaryň ýüregi üçin howpsuzlygyny tassyklady.
Hünärmenleriň iň ýakyn wagtdaky meýilnamalarynyň biri ýürek keselinden ejir çekýän gemrijilerde öz täzliklerini barlap görmek bolup durýar. Şeýle etmek bilen, olar täze usulyň myşsa dokumalaryny bejermekde we dikeltmekde peýdalaryny subut etmek isleýärler.
Selbi ESENOWA,