Enovix kompaniýasynyň çalt zarýad beriş tizligi bolan batareýany döretmegi başarandygy habar berildi. Şeýlelik bilen, onuň zarýady 15 minutdan az wagtyň içinde 0-dan 100% -e çenli doldurylýar. Şol bir wagtyň özünde, 98% -e çenli zarýady ol 10 minudyň içinde alýar.

Enovix-iň wekilleri startapyň inženerleri bu görkezijileri azaltmak üçin işjeň işleýändiklerini gürrüň berdi. Täze batareýa arhitekturasynyň kömegi bilen niýetlenen derejä ýetmek meýilleşdirilýär.

Kompaniýa öz tehnologiýasyny döretmek boýunça işler bilen, ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň grant maksatnamasynyň çäklerinde meşgullanýandyklaryny bellemelidiris. Işleriň üstünlikli giden ýagdaýynda, kompaniýa diňe elektrik ulaglary üçin däl, eýsem beýleki pudaklar üçin hem akkumulýator çykarmagy maksat edinýär.

Güljeren BERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 103-nji toparyň talyby