Kosmos kompaniýa bary-ýogy 36 sagadyň dowamynda üç sany “Falcon 9” uçuryşyny üstünlikli tamamlady. Şol bir wagtyň özünde, fewral aýynda kompaniýanyň başlygy öz maksadynyň 2022-nji ýylyň dowamynda “Falcon raketa-göterijilerini hepdede bir gezek uçurmak” bolandygyny aýtdy.
Gyzykly tarapy, hususy kosmos korporasiýasy ýyl-ýyldan öz rekordlaryny täzeleýär. Şeýlelik bilen, 2021-nji ýylda 31 sany uçuş etdi, bu bolsa 2020-nji ýyldakydan bäş esse köp.
Soňky gazanylan üstünlik kompaniýanyň ösüşini hem görkezdi. Mundan öň, 2021-nji ýylda SpaceX üç sany raketa-göterijini bary-ýogy 67 sagadyň dowamynda uçuryp bilýärdi.