Has takygy, uniwersitetiň gözlegçileri şalynyň öýjük membranasynyň hloroplastlar bilen baglanyşmazdan ozal daşarky ýylylyk stres signallaryny kabul etmäge kömek edýän mehanizm açdylar. Temperaturanyň aşa ýokary bolmagy hloroplastlara zeper ýetirip biler we şeýle ýagdaýda hasyl pes bolýar.

Alymlar iki geni deň hasapladylar: Thermo-tolerance 3.1 (TT3.1) we Thermo-tolerance 3.2 (TT3.2). Olar şalynyň ýylylyga çydamlylygyny ýokarlandyrmak we ýylylyk stresi sebäpli döreýän däne hasylynyň ýitgilerini azaltmak üçin biri-biri bilen täsirleşýärler. TT3.2-iň toplanmagynyň hloroplastlara zeper ýetirýändigi ýüze çykaryldy, ýöne TT3.1 prosesi durnuklaşdyrýar.

Gözlegçiler, TT3 Afrika şalysynyň genlerini Aziýa görnüşlerine geçirmek üçin gibridizasiýa ulandylar. Meýdan synaglary täze görnüşleriň ýylylyga has çydamlydygyny – hasyla zyýan ýetirmezden Selsiýadan 38 gradusa çenli çydap biljekdigini, adaty görnüşleriň bolsa 35 gradusdan ýokary yssyda zyýan çekip bilýändigini görkezdi.

Akmaýa MUHAMMETGULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby