Gözüň içine sanjym etmegiň ylmy termini – intrawitreal sanjym. (IWS). Onuň kömegi bilen dermanlyk maddalar göni gözdäki witreus bedene sanjym edilýär. Häzirki wagtda käbir keseller derman serişdeleriniň birnäçe gezeklik sanjymyny talap edýär Alymlar, hakykatda gözde galýan we netijede şol ýerde yzsyz ýaýrap gidýän ultra inçe mikroiňňe döretdiler.
Mikroiňňede, döredilen deşigi ýelmeýän gidrogel “dyky” bar. Bu geljekde bolup biläýjek zäherlenmäniň öňüni alar. Gözlegçiler täze ulgamy eýýäm synagdan geçirdiler. Ilki bilen topar, mikroiňňeleri doňuzlaryň gözüne aýratyn ýagdaýda sanjym etdi. Sanjymdan soň deşik ýapyldy we derman (bu ýagdaýda gyrmyzy boýag) çak edilişi ýaly gözüň üsti bilen ýaýrady. Soňra alymlar diri doňuzlara mikroiňňeleri göýbermek bilen ýene bir ädim ätdiler. Olarda hiç hili sowuklama ýa-da zyýanly täsirler gorülmedi.

RU












