1996-njy ýyl­da Türk­me­nis­tan­da Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da Kon­wen­si­ýa­ny iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça baş­la­nan tas­la­ma­nyň ta­mam­lan­ma­gy hal­ka­ra äh­mi­ýet­li ta­ry­hy wa­ka öw­rül­di. Ha­zar deň­zi­niň tä­ze hal­ka­ra-hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky gep­le­şik­ler 1992-nji ýy­lyň few­ral aýyn­da Täh­ran­da ge­çi­ri­len Ke­nar­ýa­ka döw­let­le­riň bi­rin­ji mas­la­ha­tyn­da baş­lan­dy.

Türkmenistanyň garaşsyzlygyny alan döwründen bäri Hazar meselesi boýunça gepleşikleriň geçirilmegine we Hazarýaka döwletleriň baştutnlarynyň ilkinji Sammitini geçirmek başlangyjy bilen çykyş edendigini, 2002-nji ýylda Aşgabatda geçirilendigini bellemek gerek.

2003-nji ýyl­da Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry — Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy we Türk­me­nis­tan Ha­zar deň­zi­niň de­ňiz gur­şa­wy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa gol çek­di­ler. Täh­ran Kon­wen­si­ýa­sy­nyň mak­sa­dy Ha­za­ryň de­ňiz gur­şa­wy­ny äh­li çeş­me­ler­den ha­pa­lan­mak­dan go­ra­mak­dan yba­rat­dyr.

Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň äh­li­si ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nan­dan soň­ra Täh­ran kon­wen­si­ýa­sy 2006-njy ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da güý­je gir­di.

2007-nji ýy­lyň ap­relinde Ha­zar deň­zi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Pu­da­ga­ra to­pa­ry dö­re­dil­di, bu to­pa­ryň öňün­de goý­lan we­zi­pe­le­riň bi­ri Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da kon­wen­si­ýa­ny taý­ýar­la­mak bo­lup dur­ýar­dy.

Ikin­ji Ha­zar sam­mi­ti 2007-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da Täh­ran­da ge­çi­ril­di. Aş­ga­bat­da ba­şy baş­la­nan gep­le­şik­ler hil taý­dan tä­ze de­re­je­de yzy­gi­der­li do­wam et­di. Şo­la­ryň ne­ti­je­le­ri Täh­ran­da, Ba­ku­da we Ast­ra­han­da de­giş­li­lik­de 2007-nji, 2010-njy we 2014-nji ýyl­lar­da ge­çi­ri­len sam­mit­ler­de ka­bul edi­len mö­hüm çöz­güt­le­riň esa­sy­ny düz­di.

2018-nji ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ak­tau şä­he­rin­de Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň V sam­mi­tin­de Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri bi­len bi­le­lik­de Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa gol çek­di. Mu­nuň özi Ha­zar deň­zin­de dür­li ugur­lar bo­ýun­ça öza­ra gat­na­şyk­la­ryň hu­kuk ka­da­la­ry­ny ber­ki­den ta­ry­hy äh­mi­ýet­li bin­ýat­lyk res­mi­na­ma bo­lup dur­ýar.

Taýýarlan: Altyn BABYŞOWA,

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara hukugy fakultetiniň talyby.