Hünärmen yssy howada bedeniň goşmaça sowuklyga mätäç däldigini, ol şeýle hem öz özüni sowadyp bilýändigini aýtdy, meselem derlemek arkaly. Sowuk suw ýa-da sowuklygyna başga içgileri içseňiz, beden sowuk bolan suwuklyklary gyzdyrmaly bolýar bu bolsa immuniteti peseldýär we keselleriň döremek howpuny ýokarlandyrýar. Mundan başga-da, tomusda çendenaşa sowamaklyk aňsat, bu hem kesel töwekgelçiligini ýokarlandyrýar.
Şonuň üçin lukman ýyly içgileri we has gowusy bolsa suw içmelidigini aýtdy. Şeýle hem sowuk suw, iýmit siňdiriş üçin zerur fermentleriň öndürilmegine päsgel berýär bu bolsa bedeniň goşmaça stres almagyna sebäp bolýanlygy sebäpli islenmeýär.
“Şonuň üçin gaýtalaýaryn, ýyly suwa has köp isleg bildiriň. Ol bedende metabolik proseslere başladar we termoregulýasiýany sazlar we suw-duz balansy kadalaşdyrar”-diýip lukman maslahat berdi.