Alymlar, soňky wagtlarda alkogolsyz steatogepatit wakalarynyň (NASH) köpelendigini bellediler – rak keseline sebäp bolup bilýän ýagly bagyr keseliniň bir görnüşi. Şol sebäpden gözlegçiler bu keseli has içgin öwrenip başladylar.
Diňe bir rak öýjükleri däl, eýsem fibroblastlar ýaly goňşy öýjükler hem howply. Olar garramaklyk bilen baglanyşykly sekretor fenotipini (SASP) ýüze çykýarlar we rak keselini güýçlendirýän beloklar toplumyny bölüp çykarýarlar. Näbelli ýagdaýda galýan, beloklaryň bölünip çykýan mehanizmi. Muny öwrenmek üçin alymlar rak keseline uçran syçanlara düzüminde ýokary derejede ýag bo6 iýmit berdiler. Düzüminde köp ýaglar bolan berhiziň ýokardaky beloklaryň bölünip çykmagyna goşant goşýandygy ýüze çykdy.
Maral ŞADURDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 322-nji toparyň talyby