Wideokarta, GTX 1650-den hem pes bolan 512 CUDA ýadrosy bolan Turing TU117-150 grafiki prosessor bilen enjamlaşdyrylandyr. Başga zatlaryna garanyňda, bu şol bir arhitektura esaslanýan, şol bir TDP-e eýe we hatda şol bir çap ediş platasyny we sowadyş dizaýnyny ulanýan meňzeş modeldir.

Täzelikde has dar ýatkeşlik gurşaw bar – 64 bit, we ýadyň zolak giňligi 96 GB/s çenli azaldyldy.  Bu, hatda 2016-njy ýylda çykan Paskal GP107 grafiki prosessor esasly GTX 1050 Ti-den hem has pesdir.

Zolak giňligi, esasanam ýokary çözgütlerde öndürijilige uly täsir edýär.  Şonuň üçin 2022-nji ýylda oýunlar üçin bu kartany göz öňünde tutmaklyk hökman däl.

Mähriban BERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 120-nji toparyň talyby