Ajaýyp döwrümizde döwletimiziň ýaş raýatlarynyň syýasy, ykdysady hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, bu ugurda ýaşlaryň tekliplerini we maksatlaryny goldamak, olary täze gözleglere ruhlandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde bu ýerde işleýänleriň köpüsiniň ýaşlardygyna ünsi çekip, bu boýunça «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine degişli goşmaçalary girizmegi teklip etmegi-de ýaş türkmenistanlylaryň ruhuna ruh, gaýratyna gaýrat goşdy. Gahryman Arkadagymyzyň şol iş saparynda eger-de telekeçiler tarapyndan esaslandyrylan kärhananyň işgärleriniň 75 göterimi ýaşlardan ybarat bolsa, ony «ýaşlar kärhanasy» diýip atlandyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny, şeýle kärhanalara döwlet goldawyny bermek üçin ýeňillikleriň göz öňünde tutuljakdygyny aýtmagy-da ýaşlaryň jemgyýetde özlerini doly ykrar etdirmeklerini gazanmaga gönükdirilýän çäreleriň bir ulgamyny düzýär.
Türkmen ýaşlarynyň zehinlerini açmak we hünäre höwesini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan şeýle tutumly işler ýaşlary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Özleri üçin edilýän taýsyz tagallalary duýýan Watanymyzyň ýaş raýatlary bolsa geljekde özleriniň şahsyýet hökmünde kämil bolup ýetişmekleri üçin giň ýollarydyr mümkinçilikleri açýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza ak ýürekden alkyş aýdýarlar.
Abdylaziz AZIZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Ýol gurluşygy fakultetiniñ talyby

RU












