Ýaynda türkmen paýtagtynda hazarýaka döwletleriniň altynjy Sammiti geçirildi. Hazar deňziniň hukuk derejesi we sebitde durnuklylygy üpjün etmek onuň baş temasy boldy.
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin, Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew we Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi dagylar Aşgabadyň hormatly myhmany boldular.
Hazarýaka döwletleriniň baştutanlary hyzmatdaşlygyň derejesine oňyn baha bermek bilen, öz döwletleriniň sebitdäki howpsuzlygy hem-de durnuklylygy goldamaga taýýardyklaryny tassykladylar. Olar ykdysady gatnaşyklary berkitmek, bilelikde ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, ylym we medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek barada ylalaşdylar.
Hazar sebitiniň ýurtlarynyň işi birek-birege hormat goýmak, garaşsyzlyk we güýç ulanmazlyk ýörelgelerine esaslanar diýip, sammite gatnaşyjylar tassykladylar. Döwletler birek-biregiň içerki işine goşulyşmazlyga, Hazar deňzini diňe parahatçylykly maksatlar üçin ulanmaklyga, sebitde durnuklylygy saklamaklyga, ýaraglaryň laýykatly balansyny saklamaklyga we deňziň kenar ýakalaryna beýleki döwletleriň harby güýçlerini goýbermezlige borçlandylar.
Şeýle hem hazarýaka döwletleri Hazaryň tebigy gurşawyny bilelikde gorap saklamak, biologik gorlaryny rejeli peýdalanmak, ylmy barlaglarda birek-birege hemaýat bermek we deňziň üstünden amala aşyrylýan howa uçuşlarynyň erkinligini bilelikde üpjün etmek barada şertleşdiler.
Sammitde ara alnyp maslahatlaşylan möhüm temalaryň arasynda arassaçylyk-epidemiologik häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak, ulag aragatnaşygyny ösdürmek, ykdysady gatnaşyklary berkitmek ýaly meseleler hem boldy. Sammite gatnaşyjylar II Hazar Ykdysady Forumyny Russiýada geçirmek barada ylalaşdylar.
«Hazar gepleşikleriniň ilkinji nobatdaky wezipesi Hazar deňziniň göni başlangyç çäklerini kesgitlemegiň usulyýeti hakyndaky ylalaşygyň taslamasyny bäştaraplaýyn formatda tizden-tiz ylalaşmak bolup durýar» – diýip, altynjy Hazar sammitiniň kommýunikesinde aýdylýar.
Hazarýaka döwletleriniň ýedinji sammitini Eýran kabul eder.

RU












