Gözlegçiler, astronawtlaryň kosmosda süňk massasyny ýitirýändigini we ony soňra uzak wagtyň dowamynda dikeldip bolmaýandygyny aýtdylar. Bu, Marsada ediljek geljekdäki missiýalar üçin “uly mesele” bolup biler.
Öňki gözlegler, astronawtlaryň kosmosda geçiren her bir aýynda süňk dykyzlygynyň 1-den 2% çenli ýitirýändigini görkezdi, ol ýerde grawitasiýanyň ýoklugy sebäpli olaryň aýaklaryna düşýän iş aýrylýar. Astronawtlaryň Ýere gaýdyp gelenlerinden soňra nädip saglyklaryny dikeldýändigini bilmek üçin alymlar,Halkara kosmos stansiýasynda (HKS) gitmezden öň, ol ýerde bolan wagty we gaýdyp geleninden soňra 17 sany hünärmeniň bileklerini we topuklaryny gözden geçirdiler.
Gözlegiň awtorlarynyň biriniň sözlerine görä, astronawtlar tarapyndan ýitirilen süňkleriň dykyzlygy Ýer ýüzünde birnäçe onýyllyklaryň dowamynda ýitirilen dykyzlyk bilen deň derejededir. Gözlegçiler, dokuz sany astronawtyň injikleriniň dykyzlygynyň Ýere gaýdyp geleninden bir ýyl geçenden soň hem doly dikeldilmändigini anykladylar. HKS-daky iň uzak, dört aýdan ýedi aýa çenli missiýalara gatnaşan astronawtlaryň – saglygy has haýal dikeldi.