Kuopio uniwersitet hassahanasynyň lukmany Laura Tiittaneniň sözlerine görä, günde näçe suw içmelidigi barada ählumumy maglumatlary bermek kyn. Esasy zat suw we iýmit kabul etmegi ýatdan çykarmaly däldir. Mundan başga-da, köp mukdardaky alkogol we kofeden ýüz öwürmek has gowudyr, olar bedendäki suwuklygy çykarýarlar.
Günde az derejede suw içýändigiňizi nädip çaltlyk bilen bilmeli? Lukman munuň üçin hajathana näçe ýygylykda gidýändigiňize üns bermelidigini aýdýar. Suwsuzlygyň beýleki alamatlaryna ýadawlyk we kelle agyry hem degişlidir.