Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 5 esse ýokarlanyp, geçen ýyl 902 million dollara ýetdi. Bu barada Şawkat Mirziýoýew Daşkentde döwlet sapary bilen Özbegistana gelen türkmen kärdeşi Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygynda aýtdy diýip, centralasia.media habar berýär.

“Geçen ýyl haryt dolanyşygy 70 göterim ýokarlanyp, 902 million dollara ýetdi. Bu tas bir milliard dollar. Bizde beýle zat öň bolmandy. Ýarym ýylda – 400 million dollardan gowrak” – diýip, Mirziýoýew aýtdy.

Onuň bellemegine görä, “bu görkezijiler çäk däl”.

“Söwda möçberini şu ýylyň ahyryna çenli 1 milliard dollara ýetirmäge ähli mümkinçilik bar, orta möhletli geljekde bolsa ony iki esse artdyrmak bolar, sebäbi munuň üçin ähli esaslar bar” – diýip, Özbegistanyň Prezidenti KHBS-iň wekilleriniň öňünde eden çykyşynda aýtdy.