Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyrylar.

Resminama laýyklykda, şeýle hem 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi 1880 manat möçberde, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi 550 manat möçberde, pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 450 manat möçberde, döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 430 manat möçberde belleniler.