Iýul aýynyň 13-den 14-ne geçýän gijesinde asmanda aýyň iň uly dolan keşbini görüp boldy. Bu hadysa, dolsn Aýyň Ýerden iň az uzaklykda – 362 müň kilometre golaýda ýerleşmegidir.
Köp sanly höwesjeň we hünärmen suratçylar gijeki asmanyň mistiki keşbini suratlandyrmagy başardylar. Ýeriň hemrasy, “Aý illýuziýasy” diýip atlandyrýan optiki täsir sebäpli günüň ýaşma pursatyndan soňra has uly görünýärdi.
Hut şu gezek Aý Ýere mümkin boldugyça has ýakyn geldi – 2022-nji ýylyň dowamynda ilkinji gezek, rekord aralykda 357,263 km. Indiki Aýyň Ýere ýakyn gelmesi 12-nji awgustda bolar we bu ýylyň iň soňky wakasy bolar.