Tesla kompaniýasynyň şu ýylyň ikinji çärýeginde gazanan soňky hasabaty wagtynda Ilon Mask, Tesla Vision-yň täzelenişde girizilen howpsuzlyk kemerleriniň işleýşini nädip ýokarlandyrandygy barada gysgaça gürrüň berdi.  Indi olar awtoulagyň öz “görüşine” bil baglaýarlar.

“Şeýle hem biziň howpsuzlyk toparymyz, egerde tehniki görüş ulgamy gutulgysyz  çaknyşygy ýüze çykaran ýagdaýynda, howpsuzlyk kemerlerini öňünden dartýan funksiýa hödürledi, bular ýaly aýratynlyk bolsa öň hiç haçan ýokdy. Eger-de siziň diňe çaknyşyk wagtynda dartgynlylygy döredýän howpsuzlyk kemeriňiz bar bolsa, onda şeýle bolmagy üçin siziň wagtyňyz gaty az”-diýdip Ilon Mask gürrüň berýär.

ABŞ-nyň Milli awtoýol hereketiniň howpsuzlygy dolandyryş gullugy, howpsuzlyk kemerleriniň 2017-nji ýylda 14 955 adamyň ömrüni halas edendigini we 2019-njy ýylda awtoulag heläkçiliginiň 47% -iniň howpsuzlyk kemerini dakynmadyk ýolagçylar bilen baglanyşyklydygyny anyklady.