Ilýa Menşikow inženerler topary bilen bilelikde atmosfera howasyndan iň arassa agyz suwuny almaga mümkinçilik berýän ilkinji rus sorujy generatoryny döretdi.

Enjamyň doly özbaşdak, ykjam we howanyň minimal çyglylygy şertlerinde işlemek üçin amatlydygy habar berildi.  Şeýlelik bilen, enjamyň bir inedördül metri bir günde iň ýokary hilli dört litre çenli suw almak üçin ýeterlikdir.

Taslamanyň ösüşi boýunça ýolbaşçysy,  A. N. Frumkin adyndaky fiziki himiýa we elektrohimiýa institutynyň inženerçilik we tehniki merkeziniň başlygynyň orunbasary, Russiýa Ylymlar akademiýasynyň himiýa ylymlarynyň kandidaty Ilýa Menşikow, bu täze önüm üçin geljegi uly bazarlar BRIKS  ýurtlary, Afrika, Ýakyn Gündogar we Ýewropa, şeýle hem yssy howa şertleri bolan ýöne tebigy suw howdanlary bolmadyk Russiýanyň käbir sebitleri bolar diýip habar berdi.